«Türkmenhowaýollary»: daşary ýurtlardan Aşgabada awiabiletleri onlaýn satyn alyp bolýar

  • 15.07.2023 17:49
  • 33k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.

«Hormatly ýolagçylar! Biziň saýtymyzda Moskwa, Kazan, Deli, London, Pekin we Frankfurt ýaly şäherlerden yzyna Aşgabada uçuş biletlerini satyn alyp biljekdigiňizi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris!» - diýlip, bildirişde aýdylýar.

Uçar kompaniýasynyň saýtynda uçar biletleriniň bahalary aşakdakylardyr:
— Moskwa — Aşgabat: 4876,9 ТМТ
— Kazan — Aşgabat: 4823,3 ТМТ
— Deli — Aşgabat: 5540,6 ТМТ
— London — Aşgabat: 9132,9 ТМТ
— Pekin — Aşgabat: 9053,1 ТМТ
— Frankfurt — Aşgabat: 8393,4 ТМТ

Biletleri onlaýn görnüşde Türkmenistanyň «Altyn asyr» içerki töleg ulgamyna birikdirilen bank kartlarynyň üsti bilen türkmen manadyna satyn alyp bolýar.
Uçar biletlerini daşary ýurt walýutasyna uçar kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky ofislerinden we wekilhanalaryndan satyn alyp bolýar. Olaryň sanawy şu salgylanma boýunça elýeterdir.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......