HBS: Tesla 20-nji iýulda Malaýziýada edarasyny açar

  • 12.07.2023 14:12
  • 12k+

Ilon Maskyň Tesla amerikan elektrik awtoulag kompaniýasy 20-nji iýulda Malaýziýada ilkinji wekilhanasyny açar. Bu barada New Straits Times duşenbe güni ýurduň maýa goýum, söwda we senagat ministri Tenku Zafrul Azize salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Malaýziýadaky Tesla baş ofis, hyzmat merkezlerini açar we elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş stansiýalarynyň ulgamyny gurar. Ministr amerikan awtoulag ägirdiniň bu ýerde bolmagy täze iş ýerlerini döreder we ýerli kompaniýalaryň Tesla ekoulgamyna gatnaşygyny artdyrar diýip garaşýar. Maskyň özi açylyş dabarasyna gatnaşyp bilmez, ýöne şu hepdäniň ahyryna çenli ýurduň premýer-ministri Anwar Ibragim bilen wirtual duşuşyk geçirer.

"Meniň pikirimçe, gürrüň diňe bir elektrik ulagy we ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli bolmaz. Biziň isleýän zadymyz awtoulag pudagymyzyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň has ýokary maýa goýum potensialyna ýetmek" diýip, ministr belledi.

Geçen ýyl öňki premýer-ministr Ismail Sabri Ýakob kompaniýanyň ýurtda gurnama zawody açmagyny teklip etdi. Amerikan kompaniýalaryny sanly ykdysadyýete we ýaşyl tehnologiýalara maýa goýmaga çagyrdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......