Aşgabatda Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşiginiň sergisi geçirilýär

  • 11.07.2023 16:19
  • 13k+

10-njy iýulda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşiginiň döredilmeginiň 85 ýyllygy mynasybetli «Arkadag eýýamynyň arhitekturasy» atly döredijilik sergisi açyldy.

Sergide soňky ýyllarda döredilen milli binagärlik hem şäher gurluşygy sungatynyň iň gowy nusgalary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäheri üçin taýýarlanan täze binagärlik taslamalary görkezildi.
Sergi Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşigi tarapyndan Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýardam bermeginde guraldy.
Sergide umumylykda 200-den gowrak iş hödürlenildi.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, serginiň çäklerinde şeýle hem iň gowy taslama işini saýlamak boýunça bäsleşigiň hem jemleri jemleniler. Olaryň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan ediler.
Sergi öz işini 10-13-nji iýul aralygynda dowam edýär.
Serginiň geçirilýän ýeri: Aşgabat ş,. Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýy («Gülüstan» bazarynyň ýany).


düýn 17:31
650

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....