Türkmenistanda Tunis Respublikasynyň täze ilçisi işe başlady

  • 05.07.2023 10:52
  • 3.1k+

4-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomat ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Jenap Tarak ben Salem Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......