Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň prezidenti bilen maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy

  • 01.07.2023 08:12
  • 33k+

30-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Yslam ösüş banky bilen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Yslam ösüş banky ýurdumyzda durmuşa geçirilýän birnäçe iri milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirdi. Hususan-da, giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Hajy Arkadagymyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň Yslam ösüş banky üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.
Hajy Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmek ugrunda tagalla edýändigi we gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine şahsy goşandyny nazara alyp, Yslam ösüş bankynyň prezidentine özüniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyny we “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitaby sowgat hökmünde gowşurdy.
Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bu kitaplary ajaýyp sowgat hem-de özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýdyp, hajy Arkadagymyza Yslam ösüş bankynyň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanan hem-de bu banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilen kitaby uly hormat bilen gowşurdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Watanymyza ugrady.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......