Gurbanguly Berdimuhamedow Mekgede Al-Haram metjidinde juma namazyny okady we gurbanlyk sadakasyny berdi

  • 01.07.2023 07:54
  • 30k+

30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, mukaddes Mekge şäheriniň ajaýyplyklary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» teleýaýlymynyň gepleşiklerine, onda görkezilýän dürli şekillere tomaşa etdi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde iň uly Al-Haram metjidine bardy.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary keramatly metjitde juma namazyny okadylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň we özüniň maşgala agzalarynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günler mukaddes toprakda Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň 2,5 müňe golaýynyň haj parzynyň dessurlaryny ýerine ýetirýändiklerini aýtdy.
Gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylyp, ýagşy doga-dilegler edildi. Soňra gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.
Gurbanlyk sadakasynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere minnetdarlyk bildirip, mukaddes toprakda berlen sadakalaryň, zyýaratlaryň we ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.


19.06.2026 19:49
4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......