«Medeniýet hepdeligi — 2023» dabaraly ýagdaýda ýapyldy

  • 28.06.2023 15:33
  • 3.7k+

27-nji iýunda Aşgabatda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy.

Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde-de geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
2023-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......