Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji günüň çäreleri

  • 24.06.2023 11:58
  • 28k+

«Medeniýet hepdeligi — 2023» iri döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, 23-nji iýunda irden Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar üçinNusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guraldy.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Parfiýa şalygynyň ýadygärliklerini öwrenmegiň taryhy, medeni goraghananyň muzeýinde görkezilýän, arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän bu gymmatlyklar barada soňky ýyllarda edilen ylmy açyşlar bilen tanyşdylar.
Soňra Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň tirmeçi bagşylarynyň arasynda geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalda ýerine ýetirilen çykyşlara tomaşa etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmegine hem-de goralyp saklanylmagyna bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi.
Döredijilik forumynyň çägindäki çäreler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirki zaman eserleriniň sergisi bilen dowam etdi.
Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň çäreleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde geçirilen konsert bilen tamamlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň döredijilik toparlarydyr aýdymçylary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......