Ilon Mask we Mark Sukerberg oktagonda söweşmäge razy boldular

  • 22.06.2023 23:09
  • 36k+

Meta sosial ulgamynyň Twitter-e garşydaş taýynlaýandygy mälim bolan dessine milliarder Ilon Mask beýleki bir milliarder Mark Sukerbergi söweşe çagyrdy.

Ilon Maskyň Sukerberg bilen "kapasdaky söweşe taýyn" diýip ýazan twitinden soň, Meta-nyň baş müdiri Maskyň twitiniň skrinşotyna "boljak ýerini aýt" diýen ýazgy bilen goluny goýup çalt jogap berdi. Mask hem öz gezeginde gysga we aýdyň jogap berdi: “Las Wegas, Oktagon.”
Iki milliarderiň arasynda bolup biläýjek tutluşygy gysgadan seljersek, onda şulary bellemeli: 51 ýaşly Mask agram taýdan Sukerbergden artykmaçdyr. Şol bir wagtyň özünde, ol Günorta Afrikada önüp-ösende "hakyky wagşyýana köçe söweşlerine" gatnaşandygyny aýtdy.
39 ýaşly Sukerberg ýakynda jiu-jitsu ýaryşynda ýeňiji boldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Sukerbergiň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça tälim alyp başlandygy we tälimçisiniň ony halkadaky "sessiz ganhor" diýip atlandyrandygy habar berildi. Sukerberg ýakynda Murph Challenge-i 40 minudyň içinde tamamlandygyny nygtaýar. Bu synag 1 mil aralyga ylgamagy, 100 gezek özüňi çekmegi, 200 gezek özüňi otžimaniýany, 1 km-e gaýtalap ylgamak bilen, 300 gezek oturyp-turmagy öz içine alýar.
Elbetde, Mask bilen Sukerbergiň çaknyşygy ähli döwürleriň iň ajaýyp söweşlerinden biri bolup biler.
Mask diňe garşydaşynyň üstünde ýatjakdygyny, başga hiç zat etmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......