Lebapdan üç welosipedçi Türkmenistan boýunça syýahata ugradylar

  • 22.06.2023 14:54
  • 50k+

Lebaply üç welosipedçi Türkmenistan boýunça syýahat etmäge ugradylar. Olar bu syýahatyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlaýarlar. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Syýahaty gurnaýjy — Dänew etrabynyň Parahat obasynyň ýaşaýjysy, meşhur syýahatçy, fotograf Batyr Abdyllaýew. Ol mundan öň hem ýurduň çäginde şunuň ýaly syýahatlary amala aşyryp, her gezek 700-den 1800 kilometre çenli aralygy ýöräp ýa-da welosipedli geçipdir. Nobatdaky onuň dokuzynjy syýahaty. Bu gezekki syýahata onuň ýany bilen Seýdi şäherinden Hudaýberen Saparow we Köýtendag etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Gülruh Jumaýewa goşuldy.
Bu Hudaýbereniň welosipedli üçünji ýörişi. Ol tigirli Aşgabada baryp, soňra-da yzyna gaýtmagy meýilleşdirýär. Gülruh bolsa, ýörişe ugratmaga gatnaşyjylaryň ählisini geň galdyrdy, çünki ol welosiped sürmäni täzelikde öwrenipdi. Şonda-da şeýle uzak aralyga syýahata gitmegi ýüregine düwen mugallym, bu syýahaty barada okuwçylaryna gürrüň berjekdigini aýdýar. Ol Türkmenabatdan Bekdaşa, soňra Mara, Aşgabada we Türkmenbaşa gitmegi meýilleşdirýär.
Biz hem ildeşlerimize ak ýol arzuw edýäris!


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.4k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....