Aziýanyň birnäçe ýurtlarynda howanyň gyzgynlygy +50°-dan geçer

  • 21.06.2023 10:28
  • 29k+

Täjigistanyň günorta-günbatarynda, Özbegistanyň çet günortasynda we Türkmenistanyň günorta-gündogarynda adatdan daşary yssynyň bolmagyna garaşylýar diýip, Meteožurnaal neşiri habar berýär.

19-24-nji iýunda Özbegistanyň we Täjigistanyň agzalan sebitlerinde yssy +41 ... +46°-a, Türkmenistanyň çet günorta-gündogarynda +40 ... +45°-a çenli bolar.
Şu günler Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Arap ýarym adasynyň käbir sebitlerinde howa aşa gyzdy.
21-22-nji iýunda Eýranyň gündogarynda we Owganystanyň günbatarynda käbir ýerlerde yssy +46 ... +52°-a, Pakistanda +50° çenli bolar. Arap ýarym adasynda howanyň gyzgynlygy +45 ... +50°-a ýeter.
Howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly, soňky ýyllarda Eýranda, Pars aýlagynda, Pakistanda we Hindistanda howanyň +50° we ondan hem ýokary gyzmagy her ýyl diýen ýaly bellige alynýar.


22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......