Haýsy elektromobiliň beýlekilerden has çalt zarýad alýandygy anyklandy

  • 19.06.2023 11:56
  • 18k+

P3 maslahat beriş topary P3 Charging atly gözlegiň netijelerini çap etdi — bu ABŞ-da iň köp ýaýran elektrik ulaglaryň batareýasynyň zarýad alyş tizligi boýunça amaly synagyny göz öňünde tutýar. Premial Lucid Air absolýut lider boldy, ýöne has arzan Kia EV6 aralyk dalaşgärlikde ýeňiji boldy.

Elektrik ulaglary üçin esasy synag Electrify America ulgamynyň 350 kilowat zarýad beriş stansiýasyna 10% zarýady galan batareýa bilen 20 minutlyk birikme boldy. Bu şertlerde energiýa ätiýaçlygynyň iň netijeli doldurylmagy Lucid Air tarapyndan GT wersiýasynda görkezildi - 335 kilometre çenli ýörärlik elektrik toguny gazanyp bildi.
Ikinji orny 310 kilometr netije bilen Tesla Model S Plaid eýeledi, üçünji orny Kia EV6-nyň ýeke hereketlendirijili görnüşi aldy - batareýalary 20 minutda 307 kilometre ýeterlik elektrik energiýasyny alyp bildi. Ilkinji bäşligi Tesla-nyň ýene iki sanysy - Model 3 we Model Y ýapdy. Şeýlelik bilen, Kia-nyň elektrik awtoulagy bu sanawda ýeke-täk býudjet teklibi boldy.
Zarýad beriş wagty iki esse azaldylan başga bir ýaryşda EV6 204 kilometre ýetdi. Ol degişlilikde Lucid Air-den we Tesla Model S-den 4 we 6 kilometre çenli öňe geçdi. Hünärmenler muny Kia-nyň elektrik awtoulagynyň esaslanýan E-GMP arhitekturasynyň tehniki aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar. EV6 ABŞ-daky Lucid Air-dan takmynan 100 000 dollar arzan.
Synaga BMW iX we i4, Ford Mustang Mach-E we F-150 Lightning, Polestar 2, Porsche Taycan, Rivian R1T we Volkswagen ID.4 hem gatnaşdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....