Dünýädäki iň gymmat brendiň ady belli boldy

  • 16.06.2023 11:28
  • 18k+

Amerikanyň Apple korporasiýasy ýene-de dünýäniň iň gymmatly brendine öwrüldi, onuň gymmaty 880 milliard dollardan geçýär, muňa Kantar BrandZ-yň geçiren gözlegleriniň netijeleri şaýatlyk edýär.

Hasabatda: "Apple 880 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda birinji ýerde durýar, ondan soň Google (ikinji ýer, 578 milliard dollar) we Microsoft (üçünji ýer, 502 milliard dollar) gelýär" diýilýär. Şol bir wagtyň özünde iň uly üç brendiň bahasy peseldi: Apple - 7%, Google - 30%, Microsoft - 18%.
Apple bilen Google, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, öz orunlarynda galdylar, dünýäniň iň uly onlaýn satyjylaryndan biri bolan Amazon özüniň 468,7 milliard dollar (34% peseldi) bahasy bilen üçünji orundan dördünji orna düşdi. MacDonalds (191,1 milliard, 3% peseldi) altynjy orundan bäşinjä, Visa (169,1 milliard, 11% peseldi) ýedinji orundan altynjy orna çykdy.
Şol bir wagtyň özünde Tencent (141 milliard, 34% peseldi) bäşinji orundan ýedinji orna düşdi, Louis Vuitton brendi (124,8 milliard dollar) onunjy orundan sekizinji orna çykdy we Mastercard (110, 6 milliard dollar, 6% peseldi) on ikinji orundan dokuzynjy orna çykdy. Birbada ýedi setir ýokary böken we gymmaty 8% ýokarlanyp, 106,1 milliarda ýeten Coca-Cola iň gowy brendleriň onlugyny ýapýar. Bu brend onlugyň içinde bahasy ýokarlanan ýeke-täk brend boldy.


29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....