Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Başlygyny doglan güni bilen gutladylar

  • 15.06.2023 12:07
  • 9.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy we häzirki wagtda döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ynamly öňe barýar» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň goşýan şahsy goşandyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belläp, Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Pekin we Sian şäherlerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary babatda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
«Soňky on ýylyň içinde Siziň ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Siziň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza biz ýokary baha berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......