Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň gidişi bilen tanyşdy

  • 14.06.2023 07:33
  • 21k+

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti dikuçar bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady.
Soňra bu ýerde döwlet Baştutany “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy.
Serdar Berdimuhamedow daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Gallaçy 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasysy bolsa, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany daýhana alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgatlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi hem-de bol hasyl öndürmegi arzuw etdi.
Soňra Prezident Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri we tejribesi, maşgala ýagdaýy, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda netijeli iş alyp barýan “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady.
Şeýle hem bu ýerde gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy.


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......