Gurbanguly Berdimuhamedow Silwio Berluskoniniň aradan çykmagy zerarly Italiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 13.06.2023 16:25
  • 18k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Silwio Berluskoni Italiýanyň öňe gitmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Italiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.
12-nji iýunda Milanda 86 ýaşynda Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy. Soňky ýyllarda italiýaly syýasatşynasyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşypdy. Ol ýürekde operasiýa geçirdi we COVID-19 bilen keselledi. Aprel aýynda metbugatda öňki Premýeriň leýkemiýa bilen keselländigi habar berildi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......