Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoni 86 ýaşynda aradan çykdy

  • 12.06.2023 17:04
  • 14k+

Milanda 86 ýaşynda Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy, diýip «Corriere della Sera» italýan neşiri duşenbe güni habar berdi.

Soňky ýyllarda italiýaly syýasatşynasyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşypdy. Ol ýürekde operasiýa geçirdi we COVID-19 bilen keselledi. Aprel aýynda metbugatda öňki Premýeriň leýkemiýa bilen keselländigi habar berildi.
Silwio Berluskoni dürli döwürlerde italýan hökümetine dört gezek ýolbaşçylyk etdi: 1994-1995-nji ýyllarda, 2001-2006, 2008-2011 we 2013-2016-njy ýyllarda. Umumylykda, ol Italiýanyň Premýer-ministri wezipesinde 10 ýyla golaý oturdy.
Forbes neşiriniň maglumatlaryna görä, Berluskoni Italiýanyň iň baý adamy boldy — onuň emlägi 2006-njy ýylda ABŞ-nyň 9 mlrd dollary möçberinde bahalandyryldy.


16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

13.02.2026 12:24
12k+

Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr

Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär...

08.02.2026 13:12
9.9k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy...

31.01.2026 19:26
16k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...