Etna oýandy: Ýewropada hereket edýän iň beýik wulkan 5 km dik ýokaryk kül we tüsse zyňdy

  • 08.07.2024 12:44
  • 7.7k+

Sisiliýa adasyndaky Etna wulkany ýekşenbe güni işjeňleşip, 5 kilometre çenli dik ýokary kül we tüsse sütünini zyňdy. Şeýle-de, wulkan lawa çüwdürimini hem çykaryp başlady diýip, EFE gullugyna salgylanýan Interfax ýazýar.

Italiýanyň Milli geofizika we wulkanlary öwreniş institutynyň berýän habaryna görä, wulkanyň işjeňligi 2,8 müň metr belentlikde bolup geçýän yzygiderli ýertitremeler bilen utgaşýar, emma bu hadysa golaýyndaky şäherlere howp salmaýar.
Ondan öň, penşenbe güni Etnada lawanyň we külüň zyňlyp çykmalary eýýäm göze ilip ugrapdy, şonuň üçin anna güni Kataniýanyň howa menzili ýapyldy. Howa menzili häzirki wagtda kadaly işleýär.
Etna -  Sisiliýanyň gündogarynda ýerleşip, Ýewropadaky iň işjeň wulkandyr.


düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......