Sisiliýadaky Perguza köli howanyň üýtgemegi sebäpli gurama hala geldi

  • 16.07.2024 12:36
  • 8.6k+

Sisiliýa adasyndaky Perguza köli howanyň global maýlamagy sebäpli gurakçylykdan ýaňa  gurady diýen ýaly.

Reýter agentliginiň habar bermegine görä, bu sebitdäki ýeke-täk tebigy köl. Ol 1,8 inedördül kilometr meýdany tutup, tebigy goraghananyň çägine girýärdi. Perguza göçegçi  guşlaryň möhüm dynç alyş ýeridi.

“Doly guramagy we güýzde suw ätiýaçlygynyň üstüni dolduryp bolmazlyk, hakykatdanam, pajygaly bolar. Howanyň üýtgemeginiň täsir edýändigini boýun almalydyrys. Ol düzedip bolmajak zyýan ýetirip başlady " - diýip, howa boýunça hünärmen Luiji Pasotti belleýär.

Alymlaryň sözlerine görä, kölüň doly guramagy biodürlüligiň ýok bolmagyna getirer, sebäbi onuň suwlarynda balyk, mollýusklar we mikro oňurgaly haýwanlar ýaşaýardy.
Sisiliýa eýýäm birnäçe aý bäri ygal ýetmezçiliginden ejir çekýär we Italiýanyň hökümeti adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Guraklyk sebitiň oba hojalygyna, esasanam, şetdaly we zeýtun ýaly miweleriň ýetişdirilişine howp salýar. Daýhanlar suwy galdyrylan bahadan satyn almaga mejbur bolýarlar.
Pasottiniň sözlerine görä, oba hojalygy ykdysadyýet üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Sisiliýada soňky 12 aýda bary-ýogy 250 mm ygal düşüpdir.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......