Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy

  • 04.06.2025 10:46
  • 6.6k+

Sisiliýada Etna wulkany atylyp başlandy. Bu barada Italiýanyň Milli geofizika we wulkanologiýa institutyna salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär.

Wulkan atylmazdan öň krateriň bir bölegi opuryldy, bu hem piroklastik akymyna getirdi – bu gyzgyn gazlaryň, külüň we daşlaryň garyndysydyr. Wulkan birnäçe kilometre çenli howada tüsse, kül we daş zyňdy.
2-nji iýunda ýerli wagt bilen 13:00 töweregi lawa zyňylyp başlandy, hünärmenler muny 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli atylma diýip atlandyrýar.
Wulkanyň atylmagy güýçli partlama bilen bolup geçdi. Ol 2-nji iýunda gije başlandy. Häkimiýetler ilat üçin howpuň ýokdugyny habar berdi, ýöne wulkana golaýlaşmazlygy maslahat berdi. Kataniýanyň howa menzili işlemegini dowam etdirýär, muňa garamazdan, awiasiýa üçin wulkan howpunyň ýokary derejesi saklanýar. Käbir gatnawlar Palermo gönükdirildi, ýöne howa menzili ýapylmady.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, wulkan sebitinde durnukly ýagdaý saklanýar. Golaýdaky uly şäher Kataniýany kül basmady. Şeýle-de bolsa, häkimiýetler ýeliň ugry üýtgän ýagdaýynda täze duýduryş bermäge taýýar.
Etna Ýewropada iň beýik hereket edýän wulkandyr. Ol yzygiderli işjeňlik görkezýär. Geçen ýylyň awgust aýynda wulkan hepdede iki gezek asmana kül zyňdy. Şu ýyl işjeňlik aprel aýynda hasaba alyndy.
Her ýyl Etna bir ýarym million töweregi syýahatçy barýar, olaryň köpüsi çür depesine diýen ýaly çykýar.


şu gün 11:34
1.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

düýn 09:56
9.4k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.3k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.2k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......