Wenesiýa 2150-nji ýyla çenli suw astyna gidip biler

  • 30.03.2025 22:53
  • 14k+

Wenesiýany 2150-nji ýyla çenli doly suw basyp biler diýip, alymlar çaklaýar. Halkara gözlegler bar bolan gorag çäreleriniň şäheri suw basmagynyň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini görkezdi. Milli geofizika we wulkanologiýa institutynyň halkara barlaglaryna görä, “Moiseý” böwet ulgamy şäheri suwuň basyp almagyndan gorap bilmez.

TASS-yň RAI News 24-e salgylanyp habar bermegine görä, modelirleme 2050, 2100 we 2150-nji ýyllar üçin geçirildi. Iň howsalaly ýagdaýyň XXII asyryň ortalarynda bolmagy çaklanylýar, şonda 139-dan 226 inedördül kilometre çenli territoriýa suw astyna gidip biler.

“Goşmaça gorag çäreleri bolmasa, bu suwuň basyp almagyna getirip, ýerli ilata we Wenesiýanyň medeni mirasyna uly zyýan ýetirer” – diýip, alymlar aýdýar. Olar klimatyň üýtgemegi sebäpli gury ýeriň derejesiniň peselýändigini, deňziň bolsa barha ýokary galýandygyny belleýär. Häzir bu proses ýylda 7 mm ýetýär.

Joşgun wagty aýlagy ýapýan “Moiseý” bendi birnäçe ýyl bäri işleýär. Ýöne alymlar munuň ýeterlik bolman biljekdigini duýdurýar. Keramatly Mark meýdançasyny wagtal-wagtal suw basýar.
Baryp XVIII asyrda germaniýaly şahyr Iogann Wolfgang Gýote Apenninlere syýahaty wagtynda öz doganyna şeýle ýazypdyr: “Sen gyssagly Wenesiýa gelmeli, sebäbi ýene 50 ýyldan ol bolmaz”.  


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....