ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi

  • 02.06.2023 11:50
  • 13k+

1-nji iýunda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Gepleşiklerde häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlygy olaryň üstüni ýetirdi. 
Sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli meseleler boýunça gurama bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň ygrarlydygy beýan edildi. 
Şunuň bilen bir hatarda, anyk ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň zerurdy bellenildi. 
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde sebitde we dünýäde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek maksadynda ÝHHG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......