Aşgabatda ýaşlaryň arasynda mahabat nusgalaryny döretmek boýunça bäsleşigiň jemleri yglan edildi

  • 31.05.2023 19:50
  • 9.1k+

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň jemleri jemlenildi. Onuň netijeleri boýunça öň yglan edilen bäsleşikde ýeňiş gazanan iň gowy mahabat önümleri yglan edildi.

Dabaranyň dowamynda Mahabat müdirliginden, «Turkmenportal» hojalyk jemgyýetinden, «Mahabatly Ulaglar» kärhanasyndan, TmCars-dan wekiller çykyş edip, mahabat ulgamyndaky bilimleri hem tejribeleri bilen paýlaşdylar.


Bäsleşigiň jemleri boýunça Yhlas Kerimow, Muhammet Begenjow, Nurahmet Kakageldiýew, Arslan Oraztaganow Baş baýraga mynasyp boldular. Ýene-de on adama degişli derejelerdäki dilomlar we baýraklar gowşuryldy.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan okuwçylaryň, talyplaryň, ýaş hünärmenleriň, zehinli ýaşlaryň, telekeçi ýaşlaryň, alym ýaşlaryň, ýaşlar kärhanalarynyň arasynda iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek boýunça «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň çäklerinde bäsleşik yglan edilipdi.


düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5.1k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....