Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda mahabat nusgalaryny döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi

  • 04.05.2023 15:25
  • 12k+

Türkmenistanda okuwçylaryň, talyplaryň, ýaş hünärmenleriň, zehinli ýaşlaryň, telekeçi ýaşlaryň, alym ýaşlaryň, ýaşlar kärhanalarynyň arasynda iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek boýunça «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň çäklerinde bäsleşik yglan edildi.

Festiwalyň çäklerinde şu bäsleşikler yglan edilýär:
Durmuş mahabat bäsleşigi, Haryt we hyzmat mahabat bäsleşigi.
Bäsleşige hödürlenjek işler şu nominasiýalar (ugurlar) — teleýaýlymda mahabat, radioýaýlymda mahabat, grafiki (çap) mahabat, adaty däl mahabat, internet mahabaty, mahabat suraty ugurlary boýunça kabul ediler.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli arzasyny, onuň ýanyna goşulýan resminamalaryny we bäsleşik üçin hödürleýän işlerini Türkmenistany Bilim ministrliginiň 11-nji gatynda ýerleşýän Ýaşlar syýasaty bölümine tabşyrmaly.
2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde festiwalyň ýeňijilerini we dalaşgärlerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen doly tanyş bolmak üçin şu salga basyň.

Resminamalaryň kabul edilýän ýeri we wagty: Türkmenistany Bilim ministrliginiň 11-nji gaty, Ýaşlar syýasaty bölümi.
Hepdäniň dowamynda sagat:10:00-17:00. 
Habarlaşmak üçin biziň salgymyz:
Türkmenistany Bilim ministrligi, Aşgabat ş.,Arçabil şaýoly, 104.
Telefon belgileri: (+993 12) 44 84 95.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......