Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen Owganystana ýardam bermegiň meselelerini maslahatlaşdy

  • 31.05.2023 17:06
  • 17k+

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleriniň dowamynda Owganystana ýardam bermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birine, hususan-da, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletlere aýratyn orun degişlidigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......