Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygyny Türkmenistana çagyrdy

  • 31.05.2023 00:54
  • 10k+

30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük iş saparynyň birinji gününde Eýranyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen EYR-niň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda  ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Sadek Amoli Larijani Türkmenistanda  Arkadag şäheriniň bina edilendigi  baradaky habary uly guwanç bilen kabul edendigini aýdyp, bu şäherde metjidiň we medresäniň gurulmagynyň sogap iş bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň gerimi boýunça pikir alyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-niň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy sowgat alyşdylar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......