Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan geňeşmeleri geçirildi

  • 28.05.2023 10:07
  • 4.9k+

26-njy maýda Bakuda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasy edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meselelerini, Türkmenistanyň raýatlarynyň Azerbaýjandaky we Azerbaýjanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýlaryny, Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplarynyň meselelerini we ş.m. ara alyp maslahatlaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy bilen Azerbaýjanyň migrasiýa gullugynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we tejribe alyşmak meselelerine seredildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça konsullyk maslahatlaşmalaryň Teswirnamasyna gol çekildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......