Ford elektromobilleri Tesla-nyň zarýad beriş ulgamyndan peýdalanyp biler

  • 27.05.2023 10:32
  • 8.9k+

Ford elektrik ulaglarynyň eýeleri Tesla awtoulag öndürijisiniň 12 müň sany çalt zarýad beriş stansiýasyna girmäge mümkinçilik alarlar. Bu barada anna güni Financial Times habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Şereketleriň şertnamasy ABŞ-da we Kanadada Ford-yň elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş stansiýalarynyň sanyny iki esse artdyrar. Sürüjiler ýörite adapteriň kömegi bilen awtoulaglaryny zarýad berijilere birikdirip bilerler. Neşiriň habar bermegine görä, 2025-nji ýylda Tesla awtoulaglarynyňka meňzeş birleşdirijili Ford-yň täze nesli satuwa çykarylar.
Ford-yň ýolbaşçylary “stansiýadan uzakda öçüp galmak” ähtimallygy sebäpli, müşderileriň uzak aralyga syýahat edip bolmaz diýen gorkusyny kemeltmäge synanyşýar.
Finansal Taýms-yň ýazyşy ýaly, Tesla ozal 2024-nji ýylyň aýagyna çenli elektromobilleriň ähli modelleri üçin 45 müň sany zarýad beriji ulgam bilen üpjün etmegi meýilleşdirýärdi. Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Teslanyň zarýad beriji ulgamynyň "daşy haýatly bag ýaly görünmegini" islemeýändigini aýtdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....