Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterburgda Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

  • 26.05.2023 17:45
  • 32k+

Şu gün, 26-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresiniň çäginde geçirildi. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Walentina Matwiýenko Russiýa bilen Türkmenistanyň derejede yzygiderli gepleşikleriň dowam etdirilýändigini, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hemişe özara aragatnaşyk saklaýandyklaryny belledi. Hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, halkara platformalarda özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwienko Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine ilkinji gezek Türkmenistanyň parlamentiniň şeýle ýokary wekiliýetiniň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Mundan başga-da, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda şu ýylyň başynda geçirilen giň gerimli parlament özgertmeleriniň dostlukly ýurduň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin amatly şertleri döretjekdigine, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň agzybirligini berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.


Şeýle-de, Walentina Matwiýenko häzirki şertlerde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýasyny täzelemek maksady biken täze resminamalara gol çekmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Federasiýa Geňeşiniň başlygy sözüniň ahyrynda Dünýägözel Gulmanowany şu ýylyň noýabr aýynda Bişkek şäherinde geçiriljek GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Dünýägözel Gulmanowa rus kärdeşine 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, dürli halkara platformalarda konstruktiw gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

— Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-rus gatnaşyklary çalt depginlerde ösdürilýär hem-de hil taýdan täze derejä çykarylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar hem üstünlikli ösdürilýär - diýip, Dünýägözel Gulmanowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy sözüniň ahyrynda türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen kanunçykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hemişe ygrarlydygyny mälim etdi.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......