Aşgabada bagyşlanan iki günlük halkara sergi öz işine başlady

  • 24.05.2023 11:21
  • 6k+

Şu gün, 24-nji maýda Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Sergi Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn. Indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri beýan etmäge mümkinçilik berýär we halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän bu sergi aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar» diýip belleýär.

Belläp geçsek, bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Serginiň  iş wagty 24—25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli hereket eder.


şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......