Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon Aşgabada geldi

  • 23.05.2023 10:37
  • 4.9k+

22-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Stiwen Konlondan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Nygtalşy ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanyp, ösdürilýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy maýynda Londonda Patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynda möhüm waka boldy.
Şeýle hem türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Türkmenistan parlament diplomatiýasyna hem uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine we berkidilmegine üns bermeklik teklip edildi. 
Halkara we sebit syýasatynyň meseleleri babatynda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeş ýa-da gabat gelýändigi bellenildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......