Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri Ženewada BSGG-niň baş direktory bilen duşuşdy

  • 22.05.2023 16:00
  • 36k+

2023-nji ýylyň 21-30-njy maýy aralygynda Ženewada geçirilýän Bütündünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygynda 20-nji maýda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistan tarapyndan ilat saglygyny üpjün etmek ulgamynda we bu ugurda alnyp barylýan öňüni alyş çäreler barada habar berdi. Jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky bilim meselelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň irki anyklaýyş çäreleri, şeýle hem sagdyn durmuşyň möhümligi baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak babatynda maglumat beriş çäreleri geçirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.  
Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň aprelinde geçiriljek 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......