Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

  • 19.05.2023 17:18
  • 25k+

Şu gün, 19-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al Saud bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýangyç-energetika toplumy, söwda we maýa goýum ugurlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......