Serdar Berdimuhamedow: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

  • 19.05.2023 16:07
  • 8.3k+

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy. Bu barada Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek Ýoluny Dikletmek» baradaky taslamasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynanýandygyna we bu taslama Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny hem-de sanagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýandygyna aýtdy.

 «Şunuň bilen baglylykda, öz tagallalarymyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde biziň öňümizde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmek aýratyn möhüm diýip hasap edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.


şu gün 22:20
533

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 13:44
1.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....