RF-niň Türkmenistandaky täze ilçisi Aşgabada geldi

  • 18.05.2023 12:42
  • 11k+

17-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýewe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady.
Diplomatlar özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça yzygiderli ösýän türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellediler. Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna möhüm orun berilýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry medeni-ynsanperwer gatnaşyklary bolup durýar. Bu ugurda, taraplar bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan etdiler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......