Mask Tesla işe girjek her bir adamy hut özi makullar

  • 17.05.2023 18:59
  • 22k+

Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask kompaniýanyň täze işgärlerini, şol sanda potratçylaryny diňe hut öz şahsy tassyklamasy bilen işe aljakdygyny aýtdy. Praým agentliginiň habaryna görä, bu barada Reýter agentliginiň elektron hatynyň tekstinde aýdylýar.

Maglumata görä, Mask ýolbaşçylara her hepde işe kabul etmek hakyndaky ýüz tutmalaryň sanawyny ibermegi, şeýle ýüz tutmalary tabşyrmazdan ozal "gowuja pikirlenmegi" tabşyrypdyr.
Mask: "Tesla, hatda potratçy hökmünde-de, meniň ýazmaça tassyklamamy alýança hiç kim goşulyp bilmez" - diýdi.
Geçen aý kompaniýa bazar çaklamalaryndan pes bolup, iki ýylyň içinde  iň pes çärýeklik  jemi tapawudy ýerleşdirdi. Islegi höweslendirmek we ösýän bäsdeşlige hötde gelmek üçin ABŞ we Hytaý ýaly bazarlarda bahalary birden arzanlatdy.
Tesla Reuters-iň düşündiriş bermek baradaky haýyşyny jogapsyz galdyrdy.
Geçen hepde Mask NBCUniversal mahabat bölüminiň öňki ýerine ýetiriji başlygy Linda Ýakkarinony Twitteriň täze baş müdiri edip belledi. Ol anna güni Ýakkarinony işe almagyň oňa Teslanyň dolandyrylyşyna has köp wagt sarp etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......