Owganystanyň halky Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi

  • 17.05.2023 18:40
  • 23k+

Owganystana derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriniň, harytlaryň hem-de azyk önümleriniň ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilmegi mynasybetli Owganystanyň halky Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk bildirdiler.

Bu ynsanperwerlik ýüküniň goňşy ýurda gelip gowuşmagy mynasybetli Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminulla Sadyk, Farýab welaýatynyň häkiminiň orunbasary Möwlewi Hamidulla Erşad, Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Üpjünçilik departamentiniň başlygy Möwlewi Ahmad Şah Zahin, Owgan türkmenleriniň yslam raýdaşlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Amanullah Hakýar hatlarynda owgan halkyna berilýän yzygiderli kömek we ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna Türkmenistanyň ägirt uly goşant goşýandygyny nygtadylar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......