«Türkmenhowaýollary» daşary ýurtlarda bilet satýan edaralarynyň sanawyny täzeledi

  • 16.05.2023 12:18
  • 38k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri satyn alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi.

Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Ýene-de 5 sany edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.
Her bir ofisiň salgysy, telefonlary, elektron poçtasy we habarlaşmak üçin beýleki maglumatlary görkezilýär. Hereket edýän ofisleriň tutuş sanawyny şu salgylanmadan görüp bolýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabä (BAE), Almata (Gazagystan), Pekine (HHR), Delä (Hindistan), Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Russiýa), Londona (Beýik Britaniýa) we Moskwa (Russiýa) halkara ýolagçy uçuşlaryny amala aşyrýar.


27.05.2026 14:41
6.5k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

24.05.2026 00:07
8.1k+

Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi....