Halkara pul gaznasy 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşini çaklady

  • 16.05.2023 11:23
  • 9.8k+

2023-nji ýylda Türkmenistanyň nebit pudagynda jemi içerki önümiň ösüşi 2,9 göterim, nebit däl pudakda bolsa 2,2 göterim bolar diýlip Halkara pul gaznasy (HPG) soňky sebitleýin ykdysady çaklamasyny neşir etdi. Muny Trend habar berdi.

HPG-niň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň nebit däl pudagynda jemi içerki önümiň ösüşi 2,3 göterim, nebit pudagynda bolsa 1,2 göterim bolar.
Mundan başga-da, HPG 2022-nji ýylda nebit däl pudakda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2,3 göterime, 2021-nji ýylda - 1,7 göterime, 2020-nji ýylda -1,8 göterime barabar bolandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň nebit pudagynda jemi içerki önümiň ösüşi - 0,6 göterim, 2021-nji ýylda - 20,1 göterim, 2020-nji ýylda -8,8 göterim boldy.
Halkara pul gaznasy - bu dünýäniň iň uly maliýe guramasy bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasydyr.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......