Türkiýäniň täze prezidenti ikinji tapgyrda belli bolar

  • 15.05.2023 22:05
  • 53k+

14-nji maýda Türkiýede geçirilen prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç biri hem 50%-den köp ses alyp bilmediler, şunuň bilen baglylykda ýurtda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Ol 28-nji maýda geçer diýip, duşenbe güni göni ýaýlymda Türkiýäniň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ahmet Ýener habar berdi.

"Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 28-nji maýda geçer" - diýip ol aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýerli wagt bilen 15:15-e çenli ýagdaýa görä (17:15 aşg. wagt) saýlaw gutularynyň 100%-i açylandan soň, häzirki Prezident Rejep Taýyp Ärdogan 49,51% ses, oppozisiýadan dalaşgär Kemal Kylyçdaroglu - 44,88% ses, «Ata» syýasy bloguň wekili Sinan Ogan — 5,7% ses aldy.
Saýlawçylaryň saýlawlara gatnaşygy 88,92% boldy.
Ikinji tapgyrda Türkiýäniň iň ýokary döwlet wezipesine Ärdogan bilen Kylyçdaroglu dalaş eder. Garşydaşyndan köp ses gazanan dalaşgär ýeňiji bolar.
14-nji maýda Türkiýede prezident we parlament saýlawlary geçirildi. Onuň netijeleri boýunça 600 orunlyk parlamentde Ärdoganyň ýolbaşçylygyndaky partiýa sesleriň aglabasyny aldy.


düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......