Türkmenistan Owganystana 125 tonna ynsanperwer kömegini iberdi

  • 12.05.2023 10:21
  • 30k+

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni Türkmenistandan Owganystana ugrady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem şu ýylyň 15-nji maýynda lukmançylyk-maslahat beriş kömegini amala aşyrmak üçin ynsanperwer kömek hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda Türkmenistan tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýünde gider.
Türkmenistanyň DIM-niň bellemegine görä, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däp-dessurlara we ýörelgelerine esaslanýan bu giňişleýin ynsanperwerlik çäresi türkmen döwletiniň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat edýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......