Ärdogan Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Ähtnamany tassyklady

  • 11.05.2023 22:29
  • 42k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek hakynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany» tassyklamak hakynda karara gol çekdi. Resminama «Türkiýe Respublikasynyň resmi gazetinde» çap edildi.

Ähtnama gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topar döretmekligi göz öňünde tutýar. Taraplar şeýle hem bu ulgamda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin maglumat alyş-çalşygyny geçirerler.
Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiren birinji Sammitiniň barşynda gol çekildi. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew resminamany şu ýylyň 27-nji aprelinde tassyklady.


düýn 22:20
3.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....