Wenesuela syýahatçylar üçin kowide ähli garşy çäklendirmeleri ýatyrdy

  • 06.05.2023 10:56
  • 9.3k+

Wenesuela ýurda gelýän syýahatçylar üçin ähli kowide garşy çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu barada respublikanyň Milli raýat awiasiýasy institutyna (INAC) salgylanyp, Observador gazeti ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

“Bu düzgüniň hökmany tertipde we haýal etmän ýerine ýetiriljekdigini bellemek möhümdir” – diýip, INAC-yň baş müdiri Aniru Padron Brito aýtdy.

Onuň sözlerine görä, awiakompaniýalar we pudak edaralary ýakyn wagtda kowid çäklendirmeleriniň ýatyrylýandygy barada resmi habar alarlar.
Öň, syýahatçylaryň ýurda gelmegi üçin doly sanjym alandygy baradaky şahadatnama talap edilýärdi, 5 ýaşdan uly sanjym edilmedik raýatlara bolsa gatnawyň gelmezinden 72 sagat öň edilen PZR barlagynyň otrisatel netijesi bolan şahadatnama gerekdi.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......