Baýden Microsoft-yň we Google-yň ýolbaşçylary bilen emeli aň bilen bagly töwekgelçilikleri maslahatlaşdy

  • 05.05.2023 15:39
  • 20k+

Amerikanyň lideri Jo Baýden, wise-prezident Kamala Harris, Microsoft korporasiýasynyň baş direktory Satýa Nadella, Google-yň we Alphabet-iň baş direktory Sundar Piçai penşenbe güni Ak tamda emeli aň bilen bagly töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Waşingtonyň administrasiýasynyň başlygynyň metbugat gullugynyň ýazmaça beýanatynda aýdylýar.

Duşuşyga ChatGPT emeli aňyň esasynda çat-bot döreden Amerikanyň OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Oltmen we OpenAI-yň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Anthropic kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodei hem gatnaşdy.

“Baýden önümlerini hödürlemezinden we paýlamazyndan ozal olaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekde esasy jogapkärçiligiň kompaniýalaryň öz üstüne düşýändigini nygtady" diýip resminamada bellenýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar "emeli aň bilen bagly töwekgelçilikler babatyndaky ätiýaçlanmalaryny paýlaşdylar".


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......