ABŞ-da ilkinji gezek ene garnyndaky çaganyň beýnisinden anewrizmany aýyrmak boýunça operasiýa geçirildi

  • 05.05.2023 11:52
  • 32k+

ABŞ-ly alymlar heniz dogulmadyk çaganyň beýnisinde ilkinji operasiýany amala aşyrdylar, bu çaga göwredekä damarlaryň ösüşinde giň ýaýran kemçiliklerinden biri bolan Galeniň wenasynyň anewrizmasy näsazlygynyň beterleşmeginiň öňüni aldy. Bu barada penşenbe güni Amerikanyň ýüregi öwrenmek birleşiginiň (ANA) metbugat gullugy habar berdi.

"Biz çaganyň beýnisinde Galeniň wenasynyň kadaly işini dikeltmek üçin ultrases embolizasiýasyny ulandyk. Kliniki synagyň bu böleginiň şowly bolandygyny görüp, begendik — häzirki wagtda doglanyna alty hepde bolan çaga kadaly ösýär, iýmitlenýär we agramyny alýar" - diýip, ANA metbugat gullugy Garward uniwersitetiniň (ABŞ) dosenti Darren Orbah-yň sözlerini getirýär.

Galeniň wenasynyň anewrizmasy täze doglan bäbekleriň we dogulmadyk çagalaryň beýnisinde iň köp ýaýran we ölüm howply damar kemçiliklerinden biridir. Kelläniň iň uly gan damarlaryndan biri bolan Galeniň wenasyna birikdirilen arteriýalarda damar anomaliýasynyň peýda bolmagy netijesinde ýüze çykýar. Bu kemçilikler çaga doglandan soň ýüregine düşýän agramy agyrlaşdyrýar, netijede şeýle ösüş kemçiligi bolan bäbekleriň 50-70%-i ömrüniň ilkinji aýlarynda ýogalýar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......