RŽD Arkadag we Aşgabat şäheriniň aralygyny 18 minutda geçjek ýolagçy otly gatnawynyň taslamasyny hödürleýär

  • 04.05.2023 19:44
  • 64k+

Russiýanyň «RŽD» açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistana gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheri bilen Aşgabadyň arasynda sagatda 140 km tizlik bilen hereket edýän otly gatnawyny guramak boýunça taslamany teklip etdi. Bu barada çarşenbe güni «RŽD» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň birinji orunbasary Sergeý Pawlow habar berdi.

"Biz [türkmen kärdeşlerimiz bilen] birnäçe resminama gol çekişdik we häzirki wagtda kärdeşlerimiz bilen olaryň üstünde işleýäris. <...> Infrastrukturanyň ösüşi barada aýdanymyzda, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak synag taslamasy hökmünde bilelikde geçirildi. Bu meseläniň çözülmegi agzalan kärhananyň kuwwatyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer  hem-de wagonlara hyzmat edilişiniň we häzirki zaman gatnawlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Şeýle hem, sebitdäki ýolagçy demir ýol ekspresini elektrikleşdirmek, ösdürmek boýunça birnäçe taslamany teklip edýäris, otlularyň sagatda 140 km tizlik bilen hereket etmegini guramagyň ýollaryna seredýäris "- diýip, ol  "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023" konferensiýasynda çykyş edende aýtdy.

Pawlowyň konferensiýada hödürlän materiallarynda aýdylyşy ýaly, sebitde ýolagçy demir ýol ekspres otlusyny guramagyň taslamasy Türkmenistanyň paýtagty bilen Arkadag şäheriniň arasyndaky gatnawy döretmegi göz öňünde tutýar. Ýoluň meýilleşdirilýän wagty 18 minut (şäherleriň arasyndaky aralyk takmynan 30 km).


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......