Apple Braziliýada iPhone smartfonlaryny ýygnap başlady

  • 04.05.2023 14:36
  • 16k+

Apple kompaniýasy Braziliýada iPhone 14 seriýasynyň smartfonlaryny ýygnap başlady. Gurluş San-Pauludaky Foxconn Brazil fabrikasynda ýygnalýar. Apple önümleriniň, şol sanda iPhone smartfonlarynyň önümçiliginiň köp bölegi häzirem Hytaýyň paýyna düşýär.

Soňky ýyllarda Apple Braziliýa ýaly beýleki ýurtlaryň kömegi bilen üpjünçilik zynjyryny üýtgetmäge çalyşýar. Amerikan kompaniýasy ýurtda iPhone smartfonlaryny ýygnama işlerini ýola goýdy diýip, 9to5Mac portaly ýazýar.
Braziliýadaky MacMagazine blogynyň okyjylarynyň biri 128 Gb-lyk gök iPhone 14 smartfonyny satyn alandygyny we gurluşyň San-Pauluda ýerleşýän Foxconn Brazil kompaniýasy tarapyndan ýygnalandygyny belledi. Smartfonyň böleginiň belgisi "BR/A" bilen gutarýar - bu onuň ýurduň çäginde ýygnalandygyny tassyklaýar.
Ýöne portalyň anyklamagyna görä, Braziliýada diňe esasy iPhone 14 hatary ýygnalýar. 14 Pro ýa-da 14 Plus modelleri "BR/A" identifikatory bilen ýerli fabrikada öndürilmeýär. Hytaýdan getirilen telefonlar "BZ/A" ýa-da "BE/A" bellikleri bilen bellenilýär.
Apple Braziliýada smartfonlary ilkinji gezek ýygnanok. 2022-nji ýylda kompaniýa iPhone 13 we iPhone SE smartfonlaryny hem şeýle etdi. Bu ýerli hökümetiň import önümleri üçin ýokary salgytlary girizmegi bilen baglanyşyklydyr, bu önümlere bolsa Apple-iň ähli gurluşlary diýen ýaly degişli.
Käbir kompaniýalar harydynyň bahasyny we salgytlary azaltmak üçin önümiň ýurduň çäginde ýygnalmagyna maýa goýýar. Şeýlelikde, Hytaýda ýygnalan 128 Gb iPhone 14 alyja 1,5 müň dollara, ýerli fabrikada ýygnalan smartfon bolsa 1 müň dollara düşer.
Şeýle etmek bilen kompaniýa Hytaýa-da garaşlylygyny azaldýar. Ol ýerdäki kärhanalar COVID-19-a garşy berk syýasat sebäpli zyýan çekdiler. 2022-nji ýylyň noýabryndaky närazylyklar sebäpli Apple 6 mln töweregi iPhone Pro-ny ýitirdi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda kompaniýa önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirdi.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....