Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada Atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 01.05.2023 18:09
  • 41k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow
toplumyň dolandyryjysynyň orunbasary bilen duşuşdy.
Bu toplumyň örän baý taryhy bar we häzirki döwürde oňa atçylyk pudagynda uly işleri bitiren Konrad Şumaher ýolbaşçylyk edýär.
Toplumyň dolandyryjysynyň orunbasary belent mertebeli myhmana bu ýerde idedilýän atlaryň german tohumyna degişlidigini aýdyp, olaryň saklanyş ýagdaýy we atçylyk pudagyna degişli hünärmenleriň bu ugurdan alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki meýdança baryp, hünärmenleriň haýyşy boýunça olar bilen gara reňkli bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.
Şeýle hem bu ýerde toplumyň çäginde ideg edilýän bedewleriň birnäçesiniň görkezilişi boldy.
Atçylyk toplumynyň dolandyryjysynyň orunbasary Klaudia Henze hem-de toplumyň weterinary, atlaryň idegine we türgenleşdirilişine gözegçilik edýän hünärmen Ýanika Şumaher bu ýerde atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we at çapyşyklaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen bolan gürrüňdeşlikde ýurdumyzda bedewiň sarpasynyň belent tutulýandygy we bu ugry ösdürmek boýunça döwlet derejesinde tagalla edilýändigi barada gürrüň berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda ahalteke bedewleriniň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bedewleriň ahalteke tohumynyň dörän ýerinde täze şäher guruldy. Onuň merkezinde ady rowaýata öwrülen — dünýä rekordsmeni Akhan atly bedewiň heýkeli oturdyldy. Täze şäherde Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýändiginiň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, germaniýaly atşynaslary Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň birinde berkarar bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......