Dubaýda Türkmenistanyň guramagynda Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

  • 26.04.2023 10:14
  • 26k+

Şu gün, 26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara göçme foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Halkara maslahata gatnaşýan hünärmenler tarapyndan bu ýerde başga-da möhüm meseleler bilen birlikde, tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, bu önümçilikleriň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alşyljakdygyna, teklipleriň öwreniljekdigine ynanýaryn» diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamdow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna bolsa bu möhüm ähmiýetli çäräni guramaçylykly geçirmek babatda döreden oňyn şertleri hem-de goldawlary, myhmansöýerligi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......