Raşid Meredow ABŞ-da Entoni Blinken bilen gepleşikleri geçirdi

  • 25.04.2023 23:35
  • 27k+

24-nji aprelde ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibi, Owganystandaky häzirki ýagdaý we owganara gepleşikleri ösdürmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmeginiň sebitde durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaklygyň möhüm faktory bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem C5+1 formatda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......